Angliýa
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Angliýa — Günbatar Ýewropa döwleti. Paýtagty London şäheri.
Taryhy
[düzet | çeşmäni düzet]11-12. asyrlar
[düzet | çeşmäni düzet]XI asyryň ortalarynda Angliýada iri ýer eýeçilik düzgüni hokum sürýärdi, ýöne ol ahyryna çenli tamamlanmandy. Daýhanalaryň ep-esli bölegi ýurdyň demirgazyk Günbatarynda azat bolupdyrlar. Olar ýer ýelerine bagly däldi. Üstüsine XI asyryň ýarymynda Normand çözuşlary hem başlandy. Onuň başynda Normand we Gerzogy Wilgelm durupdyr. 1966 ýylyň Ruhnama aýynda La-Manşy ýüzüp geçip Angliýanyň g.o. goşuny bilen düşleýär. Normandlaryň atly we ýer goşuny köp we oňat ýaraglandy, anglo-sokson koroly Garoldyň daýhan ýer goşuny gysagly düzülipdir. Garold şäheri boýün egenden soň Wilgelm Londony eýeledi. Angliýanyň koroly Wilgelm I basybalyjy (1066-1087) boldy. Normond baronlaryň bütin ýurdy boýun egdirmek üçin birnäçe ýyl geçdi. Daýhan gozgalandlary başlandy. 1069 we 1071 ýylda ýurdyň d.g. we d.g. gün dog-da bolan gozgalaňlarda daýhan obalaryny ýakdylar, ýaşaýjylaryň öldürdiler. Boşan ýeler 10-larça ýylap boşap ýatdy. Anglosakson ýerleriniň ýerleride basybalyjylara geçdi. Şeýdip iri ýer eýelerine “baronlar” diýip at beripdir. Orta we maýda ýer eýelerine rysarlar diýipdirler. Buthana we dünýewi administratiw işleride hem anglosaksonlar Fransiýadan gelip çykan normandlar eýelediler.
Bardari- nadeli bolan garaşly daýhan olar az bolupdyrlar. Oň aşaky gatlak serwlerdi, iň kyn işleri ýerine ýetirip nadellerde bolmandyr. Azat daýhanyň ýagdaýy normand çozuşlardan soň kynlaşdy. XII asyrda krepostnoý daýhana öwrülip bolar, barşinany ýerine ýetiripdirler. Willonlar durmuşa çykanlarynda-da salgyt töläpdirler. Angliýada şaher X-XI asyrlarda ýüze çykýär. Ýüzlerçe şäherler bolup, olarda ilatyň 5% golaý y ýaşapdyr. Söwda-da uly roly Angliýa oýnapdyr. Golaýy, mal söwdasy, çörek, deri. Bu taýda şowhunly bazarlar uly rol oýnapdyr. Wençesterka, Bosten, Stamdgor, Flandriň Italiýa territoriýasynda söwdagärler gelipdir. Şäherde gatlaklar döräpdir. Korol ýerinde sinýor korolyň özi bolupdyr. Söwda geldiýasyna diňe söwdagärler däl, käbir hünärmentler hem giripdir. Hünärmentleriň gildeýasy (sehi) bolupdyr. Täze gelen normand baronlary korolyň wassaly bolup koralyň goşunyna girýäni köpdi.
Wilgelm kontrolygy güýçlendirmek üçin dolandyryşda çäreleri gördy. Angliýany graflyklara bölünýärdi, olaryň başynda serifler durupdyr. Olary korol belläpdir. Olar administratiw sud, salgyt, girdeýji işlerine jogap beripdirler. Şeýdip iňlis halkynyň üstünden eziş güýclendi, beýleki tarapdan söwda ösdi, şaherler janlandy. Koroly rysalar buthan goldaýardy. Korol hem olary ýeňilikler döredipdir. Wilgelmy şäherler hem goldapdyr. Genrih I (1100 - 1135) Wilgelmiň kiçi oglunyň döwründe dolandyryş işini korol maslahaty korol kurýasy uly rol oýnapdyr, oruhud administratiw we maliýa gurama bolupdyr. Oňa iri ýer eýeleri korolyň sülçuleri korolyň iş dolandyryjylary “şahmat tagtasy görnüşndäki palaty” korolyň girdeýjisiniň ýgnapdyr. Genrih I aradan (1135) çykandan soň onuň ogulary bilen Matilda diýen gyzynyň arasynda tagt ugrunda göreş başlanýar, netijede Matildany ogly Genrih II Plantagenet geçýar (1154-1189) oňa diňe Angliýada däl, Fransiýanyň Anžu Men, Turen, Pualu, Akwitaniýä ýerleride degişlidir. Sutda oturdaşlary belledi. Netijede sinýor kuri birden sud işleri gelip başlady. Genrih II geçiren sud reformasy iri ýer eýeleriniň islegini kanagatlandyrdy. Netijede korolyň girdeýjise artdy. Genrih II harby reforma geçirdi. Azat adam korolyň islän wagty ýarag bilen ýörişe taýýar bolmalydy. Genrih II buthana sudyna gözekçilik etmek synanşygy başa barmady. XII asyryň 2 ýarymynda Yrlandiýa eýelemeklige başlandy. 1169-1170 ýylarda ýöriş edilipdir. 1171 ýylda Genrih II özi hem gelýär. Irlandlary boýun igdirip berkitme “PEÝL” döredýar. Gelgindiler bilen ýerli ilatyň dil aýratynlyklary XII asyrda ýetipdir. Diňe ýokarky gatlak patyşa ýolbaşçylary we ýuristler iňlis dili bilen bilelekde fransuz, latin dillerini döwlet edaralarynda ulanypdyrlar.
13. asyr
[düzet | çeşmäni düzet]XIII asyrda Angliýada oba bilen şäheri aýrylyp başlady. Bu şäherde çöregiň bahasynyň gymmatlamagyna getiripdir. XIII asyrda pul rentasy giň ýaýrapdyr. Ýöne krepostnoý barşina wotçinasy saklanypdyr. Iňlis obasynda iki garaýyş ýüze çykýär: 1. Konserwatiw, 2. Progressiw. Söwda pul gatnaşyklary ösdügiçe iri ýer eýeleriň salgytlary artypdyr. Renta barşinasyny ýerine ýetirmek Willonlaryň, azat daýhanlaryň ýüregine düşüpdir, bu bolsa syýasy göreşlere getiripdir. Şonuň dolandyran döwründe (1199-1216) Genrih II kiçi oglunyň döwründe göreşiň iki etaby boldy. Netijede halkyň üstünde zulum ediş güýçlendi. Ýerleri ellerinden aldylar halanmadyk magnatlary öldüripdirler. Baronlary buthana goldaýardy (bularda-da näzyrlar döräpdir). 1202-1204 ýylardaky fransuz koroly Flippz Awgustyň döwründe fransuzlar Ioanyň Fransiýadaky käbir ýerçiliklerini basyp alypdyr. Normandiýa Anžy, Ment, Turen, Pantinyň bir bölegini eýeläpdi. 1212 ýylda papa Ipponenty III bulla çykaryp Iona gerek patyşa tagtyna fransuz koroly Filipp II geçirmegi talap edýär. 1213 ýylda Ioan papanyň Wassaly diýip özüni hasap etdi, 1000 marka kmüş tölegi papa tölekikligini halkyň öňünde boýun alýar, bu masgaraçylykly synag närazyçylygy güýçlenderýär. 1215 ýylda rysarlar baronlar korola oňä garşy göreşe başlaýar. Kondonlylar olara şäheriň gapysyny açyp beripdirler. 1215 ýylyň 15 Oguz aýynda “Erkinligiň beýik hatyrasyna” gal çekýär. Onuň maddalarynyň köpüsi baron we buthana iri ýeleriniň hukuklaryny goldapdyr. Korol olary nusag etmejigini eýeçiligine eldegez mesiz edýär. 25 barondan ýörite komitet döredilýär. Olar patyşanyň partiýany berjaý edişine gözekçilik e edipdirler. Ýer ýetirmedik halat oňa garşy uruşa taýar bolýarlar. Ondan suran ýeňillikler rysarlara we azat daýhanlara berilipdir. Azat adamlara korol çinownikleriniň salgytlarynyň kemeltjigini boýun alypdyr. Ölçeg we agşam birlegi kesgitlenipdir. Beýik partiýa ö döwri üçin progressiw rol oýnapdyr. Ýöne partiýa ýerine ýetirelmäk soň uruş başlanýär. Ioan ölýär. Onuň ýaşajyk ogly Genrih III (1216-1272) baronlar. Korol diýip yglan edipdirler. Dapa fransuzlara Angliýanyň basyp alyjylaryny talamaga rugsat beripdir. Sebäbi fransuzlar oňa ýakyn bolupdyrlar. Baronlar patyşadan syýasy reformalara geçirmegi talap edipdirler.
Döwlet işlerine seretmek üçin 15 baronyň geňeşi we 12 baronyň häkman gatnaşýan maslahatlary ýylda 3 gezek çagyrylypdyr. 1259 ýylda rysalar özbaşdak syýasy talaplary öňe sürüpdirler. Genrih III Oksford prowisinden boýun gaçyrypdyr (baron alidarhiýa režemi). Netijede 1263 ýylda graždanlyk uruşy başlanypdyr. Söwda oligarhiýasy agyr ýagdaýa düşýär. Mandgora Londondan 15 müňli goşun iberýär. Genrih III we onuň ogly Eduard ýesir düşýär. Şeýdip Mondgor Angliýanyň dolandyryjysy. Korolyň tarapdarlarynyň pomestiýalaryny ýümrupdyrlar. Prins Eduard ýesirlikden gaçan soň baronlaryň bir bölegi onuň tarapyna geçýär. 1265-nji ýylda Iwşemiň golaýynda Mondgory ýeňip, özüni hem öldürýärler. Genrih III-de baronlar hem rysarlara guruplylara daýanmak halky saklap bolmajygyny duýpdyrlar. Graždanlyk uruşynyň netijesinde mejlis döräpdir. Baron rysar şaherli deputatlar maslahatlar geçiripdirlar. Eduard I (1227-1307) döwürde parlament (mejlis) gutarnyjly döräpdir. Ýer eýeçileriniň döwleti berkitmek, iri ýer eýeleriniň sud ýeňillikleri aýrylypdyr. Mejlis korola rysarlara we şäher dolandyryjylaryna daýanmagy ündäpdir. Iňlis mejlisi fransuz mejlisinden tapawutlandyrypdyr. Olara baş ştatlar geçirilip korolyň çagyran ýepiskoplary salgydyň möçberini korol mejlis bilen ylalaşypdyr. XIV asyrda mejlis 2 palatasy bölünipdir: 1. Ýokary lordlar palatasy; 2. Aşaky obşina palatasy. Oňa rysarlar şaherden iberlenler gatnaşypdyr. Iňlis mejlisi edil beýleki orta asyr asyr aklar ýaly iri ýer eýeleriň synpyna hyzmat edipdir. Nähili bolsada XIII-XIV asyrda mejlis progressiw rol oýbapdyr. Ol eziji synp bolan iri ýer eýeleriň – baronlara garanda korolyň syýasatyny rysar we şäherleriniň islegini nähili bolsada kanagatlandyrmaga çalyşypdyr. Iri ýer eýeleriniň islegini kanagatlandyryp eduard I we onuň orun tutarlary basypalyjylykly uruşlary alyp barypdyrlar. 1282-1283 nji ýyl Eduard I Angliýa Uelsi birikdiripdir. Uels iri ýer eýeleriniň ýerlerini öz iri ýer eýelerini paýlap beripdir. Şotland koroly Aleksandr III (1286) aradan çykandan soň ol ýerleri berikdirmek isläpdir. 1306-1314-njy bolan geňeşe Şotland rysarlary gatnaşyp özbaşdak döwleti saklap galypdyrlar.
14. asyr
[düzet | çeşmäni düzet]XIV asyryň 4 çärýeginde iňlis obalarynda kommutasiýa rentasy uly oýnapdyr. Daýhanlar şahsy azatlyklaryny goraýarlar. Barşinany ýer ýetirmenden boýun gaçyrypdyr hem-de hakuna tutma işçi köprak zerur bolupdyr. Daýhanlaryň köpüşi d.g. etraplaryna göçüpdirler , sewbäbi bu ýerlerde ekspluatasiýa gowşak bolupdyr. Ustüsine 1348 ýylda Angliýanyň üstüsine mergi keselide abanypdyr “Gara ölüm”. Ilaty 41 bölegini gyrypdyr. Işçiler azalyk iş haky ýoary göterilipdir. XIV asyrda iri ýer eýeler döwleti “işçi” kabul edýär. 1. kanun 1349 ýylyň ordanasy Eduard III (1327-1377) tarapyndan kabul edilip 12 ýaşdan 60 ýäş çenli aýal erkek, çagalygyna garamazdan hususy ýer bolmadyklara mergä çenli tölenen hany tölenip işlemegi buýurýar. Bellenen möhletden öň gitse daýhany tussak edipdirler. Şu kanuny maksady iri ýer eýeleri we şaher ýolbaşçylary ýeňil gazaç bilen üpjün etmekdi. Şeýlelikde öňki (şäherlere giden iri ýer eýelerine) monarlaryny willonlara yzyna tabşyrmaly. Iňlis obasynda “işçi kanuny” netijesinde synpy göreş ýitileşdi. Iş kanuny oba hojalyk işçi ýäryşyň soýuzy döredi.
XIV asyryň ortalarynda Robin Gud we onuň tarapdarlary tokaý gaçan çinownik, ruhanlar gaçanlar hem herekete goşulypdyr. XIV asyryň 2 ýarymynda şaherde masterler bilen podmasteriýlarynyň arasynda garşylyk ýitileşdi, iş haky artyrmak, iş wagtyny kemeltmegi talap edýärdiler. 100 ýylyk urşuň netijesinde halk garyplaşypdy. Angliýada katoliki buthany reforma geçirmegini talap edipdirler. XIV asyryň 70 ýyllarynda okstorf uniwersitetiniň professory Džon Wiklif (1320-1384) buthanany döwlete boýun egmeli diýip düşündirmäge çalyşýar. Pons Wiklifi sud etmekçi bolanda bütin Londonyň halky ony gorap çykyş edýär. Ol Bibliýanyň latyn dilinden iňlis diline tejrime etmegi talap edipdir. Ol rysarlar bilen şäherleriň islegino oňladyp çykyş etdi. Halkyň arasyndan Jon Boly saýlanyp. Ol buthananyň desýatinasyny ýatyrmagy talap edipdir. Ol Angliýada hemme zat oňat bolsun diýsiňiz, hemme zat umumy bolmalydyr, Wassalam lordam. Bolmaz diýip daýhanlaryň garyplaryň islegini beýan edipdir. XIV asyryň ahyrynda iňlis daýhanlarynyň ýagdaýy erbetleşipdir. Korol Riçard II (1377-1399) döwründe mejlis täze salgyt sistemasyny girizýär. Bu bolsa 1381 ýylda Angliýanyň g.o. g.d-da. 999 graflygynda 9999 döremegine sebäp bolupdyr. Kent daýhanlary Jon Boly tussalykdan çykarýar. Ýuliý Toýler hem hereketleriň birine ýolbaşçylyk edýär. Ol harby işden oňät baş çykarany üçin halkyň arasynda adraýdan peýdalanypdyr.
Esseks we Kentden gelen daýhanlar patşa Riçard II ol egilişiklere garaşypdyrlar, onuň ýanyndaky maslahatçylar erbet diýip piker edip Korola girip, olaryň jaýlaryny otlap, turmelerden tusaglary başadypdyrlar. Maýl-Enden programmasyna laýyklykda krepostnoý hukuklary barşinany ýatyryp uly bolmadyk rentasyny tölejekdiklerini duýdurýarlar. Korol egilişik etjekdigine söz berende daýhanlaryň bir bölegi oňa ynanýär. Londony taşlap çykyp gidýär. Ýuliý Taýler bilen Jon Bokyň egindeşleri gitmän patşa bilen täzeden duşuşmagy boýun edipdirler. Gepleşikler wagty London merleri Ýuliý Taýler dünüklik edip öldüripdiler. Täzeden ýene-de gozgalançylardan almak, öňki saglytlaryň täzeden dikedilipdir. Xiv asyryň 90 ýylaryna çenli hereketler dowam edip durupdyr. Bularyň netijesinde iri ýer eýeler agalyk edijisini agram bolsada egilişikler etmäge mejbur bolýär. Şeýdip Ýuliý Taýleriň hereket nähili bolsada krepostnoý monahlaryxn durmuşyna uly täsir edýär. Daýhan iri ýer eýeçiligiň ösmegi bilen oba hojalyk önümleriniň bahasy arzanlady, hakyna tutma oişçiniň iş haky artdy. XIV-XV asyrda Angliýada ýüze çykan hadysalar umumy ýa-da ykdysady krizis diýip hasap etmän. Ösen we täze ýüze çykan iri ýer eýeler önümçilik gatnaşyklarynyň arasyndaky göreşdi. Şeýdip kapitalistik gatnaşyklara ýol açylardy.
15. asyr
[düzet | çeşmäni düzet]XV asyrda oňät wakalary biri köpçülikleýin willonlaryň azat bolmagy. Daýhanlar indi ýuridiki taýdan 2 dereje bölinipdi. 1. Öňli Willonlaryň nesli “kopigolderler” diýip nadeli eýeçilik edýän resminamalarda ýazgy bardy. Olar husup azat adamlar bolup öz nadelleri üçin ýurda uly bolmadyk pul rentasyny we ş.m. ýerine ýetipdir. Ýer nadeli korolyň sudy tarapyndan garalmandyr. 2. frigolderleriň ýagdaýy olardan oňatrakdy. Olar azat ýer eýesi bilen ozrak pul rentasyny töläp, korol sudy olary gorapdyr, mejlise saýlawlara gatnaşyp bilipdir. Ýokarky gatlag bu hukukdan mohrumdy. 2 gatlagyň içinden baýar çykanlar tapyldy. XV asyrda garyplaşan daýhanlaryň ýerini satyp alyp öz ýerli daýhanlar gatlygy oba hojalyk işçisi peýda bolýär. XV asyrda feudal synpynyň öz içinde köne bilen täzeniň göreşi başlanýär. “Köne dworýanlar” diýenlere öňki ýokary gatlakdan bolan iri ýer eýeler rysalardan giripdi. Bular döwlet salgydynyň bir bölegini bermegini talap edipdirler. “Täze dworýanlar” hem formirlendi maýda we orta wotçinalaryň iri ýer eýelerinde XIII-Xv asyryň rysalaryndan, baýlaşan daýhan we şäherlelilerden, puluny ýere harç edip, dworýan adyny alanlardan formirlenýär. Täze dworýanlar, täze şertlere laýykdy, köne dworýanlardan ýerleri satyp alýardy, garyplaşan daýhan kärendesine berýärdi. Ol söwda bilen baglydy. Şäher önümçiliginiň söwdasynyň öşmegi bilen XV asyrda baý söwdägärler köp şaheriň hünärment masterleri öz toplak pullaryny önümçiligi ösdürmäge, ýer satyn almaga, köpräk dworýan ýerlerini almaga harç edipdirler. Seh monopoliýasynyň giňelmegi önümçilgiň kämilleşmegi bilen baglydy. Bu Kapitolistik önümçilik gatnaşygynyň ýüze çykyp başlamagyny gözkezýär. Angliýada magnatlar guruşydy gatlaklaryň biridi. 1399 ýylda Riçard II den soň Genrih IV (1399-1413) geçdi. Ondan soň Genrih (1413-1422) munuň döwründe 100 ýylyk uruş täzeden tutaşdy.
Genrih V ölenden onuň ogly Genrih VI (1422-1461). Ol bir ýaşam ýaşamandy. Şol sebäpli iri ýer eýeleriniň arasynda tagt ugrunda göreş başlandy üstesine uruşda yzly yzyna ýeňiltmek, haznany başydy salgyt artdy. 1450 ýylda Angliýada uly halk hereketi kent graf-da başlady. Gozlaňa Jon Kod ýolbaşçylyk etdi. Kendiň monifestinde salgyt kemeltmek, mejlis saýlawlarda baronlaryň razlyk bilen edýän synanyşyklaryny ýok etmegi syýasy talaplar bilen bir ykdysady talap “işçi kanunyny” ýatyrmak talap edildi. Bu herekete garyp daýhanlaryň batraklaryň we şaher podmasterleriň gatnaşandygyny aňladýär. Jon Ked, korolyň iş ýängyç maslahatçylaryny Lpndona tutýarler. Korol gorkup ýakyndakylar gözgalany tohtamagy haýyş edýärler, hereket duran ýagdaýyna olara egilişik ediljegini duýdurýarlar. Emma sözünde durman Kediň özüni tutup jezalandyrýarlar. Gozgalaňçylardan öç alýarlar. Beýlki graflyklardada şýle gözgalaňlaryň öňi alynýär. 1455 ýylda Lankoster we Ýoklaryň tagt ugrundaky göreşi getirýär. Ol Angliýanyň taryhynda Alyý we Belyý rozalaryň göreşi diýen ady alýar, köp iri ýer eýeleri bu gözgalaň netijesinde özbaşdaklyklaryny gazandy. Eduard Ýorskiý Landony eýeläp korol diýip yglan edildi. Eduard IV (1461-1483) agalyk eden döwründe Gyzyl we ak bägülleriň gozgalaňy gutarmady. Eduard IV baron – lakostorlara baronlara mejlise ynanmaýardy, sebäbi onuň hat-da iri ýer eýeleri administrasiýa köpdi. Ol mmkin boldygyça mejlissiz işlejek boldy. Ol içki söwdany senagaty, ösdürmäge köpräk üns berdi. Ol Angliýadan gymmat bahaly ýüň daşara çykarmaga rugsat bermer. Eduard IV ölenden soň dogany Riçard III geldi (1483-1485). Korolyň ýaş ogullaryny öldürip özüni korol oglan edýär. Lankostler bilen ýorklar muňa garşy bolup gozgalaň turuzylýär. 1485 ýylda Lonkosterler ony tutup öldürýärler. Netijede gyzyl we ak bägülleriň gozgalaňyda ýatyrylýar.
16. asyr
[düzet | çeşmäni düzet]Iri ýer eýeçilik gatnaşyklary dargap bazar gatnaşyklary diňe şäherlerde däl obada hem ösdi. Şol sebäpli ykdysadyýet çalt depgin bilen ösýärdi. Angliýa beýik geografiki açyşlardan soň dünýäniň deňiz söwdasynyň merkezleriniň birine öwrüldi. Üstesine goňşy Irlandiýany talap hem başlady. Angliýa öz mawut matalaryny Niderlandlara, Fransiya, Demirgazyk Ýewropa, Ýakyn Gündogara, Afrika, Russiýa onuň üsti bilen Eýran, Krym hanlygy, nogaý ordasyna çykardy. Nah mata önümleri öndürdiler. Angliýa metal önümlerini hem has köp öndürýärdi, olary eretmek üçin Domna peçlerini ulandylar. Ýarag, toplary, Ýewropa, Morokko, Tursiýa çykarýardy. Ön kömüri diňe jaýlary gyzdyrmak üçin ulanan bolsalar indi daşarada çykardylar. Iňlis mawut matasyna Flandriýa. Angliýanyň özüne isleg artdy. Angliýanyň ýeriniň 3/1 bölegi buthana degişlidi. Buthana ýerleri barlylar satyldy, paýlandy. Dindarlaryň köpüsi işsiz galdy. Şeýdip Angliýada işsiz, ýersiz adamlaryň sany artyp başlady. Garamaýakdan alynan ýerleri dworýanlara fermerlere kärende berip başladylar. Ýerlere baý fermerler hakynatutma oba hojalyk işşisini- kotterleri ezdiler. Işsiz entäp ýörenleriň sany Angliýada artdy.
Genrih VIII täze kanun çykardy. Gedaýlyk edip ýöränleri biri nji gezek ýurduna baryp işlejekdigi barada kasam içmegi tabşyrdy. 2-nji gezek tutulsa gulagynyň ýarysy kesilipdir. 3 gezek tutulanda ony jezalandyryp öldürmegi buýurdy. Eduard VI-niň (1547-1553) karary bilen işsiz enteýänler wagtlaýyn gula öwrüldi. Gul 1 gezek gaçsa ýüzüne gül diýp köýdürip tagma goýulupdyr, 2 gezek gaçsa 2-nji tagma şeýle edilipdir, 3-nji gezek döwlet dönügi hökmünde jezalandyrylypdyr. Şeýdip emläk üçn arzan işçi güýjini taýýarlaýardylar. XVI asyrda iňlis iri yer eýeleri köne we täze dworýanlara bölündi. Köne dworýanlar onçakly işewürleşmändi. Olar oňki ýaly girdeji alýardy, indi rektodan girýän girdeji kanagatlandyrmaýar. Korol häkimýeti güýçlense-deonuň syýasy abraýy gaçypdyr. Köne dworýanlara, begzadalara demirgazykdaky iri ýer eýeleri girýär. Şol bir wagtda maýda we orta dworýanlar, käbir begzadalar öňdebaryjy işewür ýer eýeleri täze dworýanlar ýa-da dženterler peýda boldy. Olar öz pomestýesinde kotterleri we garyp daýhanlary peýdalanyp, öz ýerlerini fermerlere kärendä berýärdi, onda köp girdeji girýärdi. Sebäbi olar daşky bazar bilen baglanyşyklydy. XVI asyrda täze dworýanlar öz eýeçiliginiň obşina ýerleriniň daýhan uçastoklarynyň monastyr ýerlerini satyn almak, aristokratlaryň ýeriniň hasabyna öz baýlygyny artdyrmak üçin telekeçilik bilen hem meşgullanýardylar.
XVI asyrda täze ýüze çykýan işewür adamlar bilen täze dworýanlaryň soýuzy döretmek XVII asyrdaky buržuaz rewolýusiýasy hem wajyp rol oýnady. XVI asyrda Angliýada iri ýer eýeçilik gurluşyň bazar önümçilik gatnaşyklary peýda bolup başlady. Iňlis daýhanlary iri ýer eýeleriniň ezişine girmeklige garşy aýaga galdylar. 1536-1537-nji ýyllarda reformasiýa garşy demirgazyk graflyklarda göreş başlandy. Gozgalaňyn hereketlendiriji güýji daýhanlardy. Gozgalaňyň başynda Robert Ket we onuň dogany Wilýan durdy. Ketiň topary çalt ösdi. 20 müňe ýetdi. Ket gozgalaňçylarynyň “kapitany” bilen toparda güýçli tertip-düzgün ýola goýuldy.Germewler aýrylýardy,goňşy obalardan azyk önüleri getirilýärdi.Ýöne lageriň içinde dönükler hem tapyldy. Olaryň çagyryşlary hökümete meýilnama görnüşinde tabşyryldy, esasy ugur iri ýer eýelerine gönükdirilipdi. Germewleri ýok etmegi, kanallary gurmak öri meýdanlaryny umumy peýdalanmak, ähli zatlary umumy peýdalanmagy talap etdiler. Hökümet gozgalaňçylardan öç almak üçin wagt utmalydy. Şol sebäpli käbir ýeňillikler etjegini boýun aldy. Emma Angliýanyň günorta-günbatardaky gozgalaňy bölek-bölek edip basyp ýatyrmak hökümete başartdy. Gozgalaň ýatyrylandan soň dworýan otrýadlary gozgalaňçylardan öç aldylar. Robert we Wilýam Keti asdylar. XVI asyryň 2 ýarymynda germewe garşy beýleki graflyklarda-da iňlis daýhanlarynyň gozgalaňy boldy. Emma daýhanlaryň bu gozgalaňlary basylyp ýatyryldy. Bu gozgalaňyň guramaçylygy pesdi. Iňlis buržuziýasy bolsa täze dworýanlar bilen soýuz boldy. 1485-nji ýyldan 1603-nji ýyla çenli Týudorlar korollary öz häkimýetini berkitdiler.
Iňlis absolýut monorhiýasynyň beýleki absolýut monorhiýalardan tapawutlary bar.Týudorlaryň býurukratik apparaty gowşakdy. Graflyklarda we şäherlerde wajyp wezipeleri džentrler we şäher işewür adamlary eýeläpdi. Týudorlar häkimýetini pugtalandyrmak ücn parlamenti hem ulanyp biljekdiler. Parlamentiň aşakky palatasy maýda we orta dworýanlardan bolup, korolyň öňe süren kanunlaryny tassyklaýardy. Ýokardaky palata wekillei girip, Týudorlara köp yer berilýärdi. Şeýdip paralamentde antioganizm döremändi. Gyzyklanýanlar bien dworýanlar we buržuaziýanyň arasyndady. Iňlis absolýutizminiň ýene-de bir aýratynlygy hemişelik hereket edýän goşuny ýokdy. Týudorlar ähli ünsi güýçli harby flot döretmäge gönükdiripdi. Týudorlar absolýutizmi pugtaladyrmak maksady bilen Angliýada buthana reformasyny geçirmelidi. Bu iş Genrih VIII döwründe başlandy. Bahanasy Rim papasynyň Korol Genrih VIII bilen Ýekatrina Argatskiniň plýusy bozmaga kömek etmändigi boldy. Rim papasyna gahar edip, 1536-1537-nji ýyllar aralygynda Angliýada ähli monastrlar ýapylyp olaryň emlägi korol tarapyndan alyndy. Bu bolsa dworýan we buržuaz ýer eýeçiligini giňeltdi. Buthana emlägini satyp korolyň kaznasy boldy. Reformasiýa güýçli esasda geçirildi. Iňlislerden täze buthana guramalaryna doly boýun bolmak talap edildi. Boýun egmedik ölüm jezasyna höküm edilipdir.
Reformasiýanyň görnükli wekilleriniň biri Tomos Kromwel we korolyň kansleri Tomas Kranmer boldy. Genrih VIII birinji nikasyndan bolan gyzy Mariýa Týudoryň döründe katoliki reaksiýa höküm sürdi. “Ganly” diýen ady aldy. OL reformasiýa garşýdy. Mariýa ölenden soň iňlis tagtyna Ýelezaweta I (1558-1603) geçdi. Ol Genrih VIII 2-nji aýalyndan bolan gyzy bilen onuň döwründe absolýutizm berkedi. Ony dworýan, işewür adamlar goldady. Týudorlar öz syýasatynda iri ýer eýeçilikli gurluşy saklajak boldy. Ispanlar Ýelizaweta tagtdan gol çekip ýerine Mariýany geçirmegi talap etdiler. Ýelizawetany öldurip Mariýany tussaglykdan azat edip Angliýa we Irlandiýa katolikleriň gozgalaňyny turuzyp ispan we fransuz goşunyny dargadyp Londony eýelemegi maksat edindiler. 1587-nji ýylda Mariýanyň işini sud kellesini almak bilen çözdi. Mundan öň ýelizaweta Şotlandiýada iňlis täsirini güýçlendiripdi. Ýakow VI nilen soýuz bolup Ýakow ispaniýa, Şotlandiýa we Irlandiýa katoliklerine kömek bermejegine söz berýär. Ģagasyz Ýelezaweta bolsa oňä öz gezeginde iňlis tagtyny berjekdigini aýdýar. Mariýa Startyň öldürulmegi Ýewropanyň katoliki buthanasyna uly urgy boldy. Muňä jogap edip Angliýa uruş yglan etdi. Flipp II hem tagta geçmäge höweslidi. Angliýada tersine daşarky çozuşa garşy 200 uruş we transport korably taýýarlanyldy. Ispan toplary iňlis gämilerinden harby taýdan pesdi. Iňlislere golland floty hem kömek etdi. 1588-nji ýylyň tomsunda deňiz söweşi 2 hepde bilen howada üýtgeýär netijede Ispaniýanyň 43 korably gaýdyp gelýär. Şeýdip iňlisler daşary ýurda çozuşlaryndan dänýär. Ispaniýanyň abrayý gaçdy. Angliýanyň kolonial ýörişleri güýçlendi.
XVI asyrda Angliýada gummanistik metod ösdi. Tomas Mariýa (1478-1535) London adwokaty maşgalasynda dogulýar. Okoford uniwersitetinde bilim alýar. Genrih VIII döwründe uly wezipede işleýär. Korollygyň konsleri bolan döwründe ol korolyň reformasion işine garşý çykandygy üçin jezalandyrylýar. Emma ol (1516) “Utopiýa” diýen işini ýazýar. Ol hususy eýeçiligi ýok etmeli, synpy deňsizlik hemme belanyň başy diýýär. Hemme adam deňdir, deň zähmet çekmeli diýýär. Maşgalanyň işläp taýýarlan önümini umumy skladlara tabşyryp, her maşgala zeruryny şol ýerden almaly. Iş güni 6 sagat bolmaly. boş wagty ylma sarp etmeli. XVI asyryň 2 ýarymynda dramaturgiýa ösdi. Londonda 9 teatr jaýy bolypdyr. Mundan başga hususy teatrlar, bay jaýlar bolupdyr. 1564-1616-njy ýyllarda Uliýam Şekspir ýaşap geçýär. Ol daýhan maşgalasyndan bolupdyr. Şekspir 1585-nji ýylda Londona gelýär. Bu teatr üçin pessalar ýazýar. Ol öz komediýa we tragediýalarynda iri ýer eýeleriniň zulumyndan azat bolan adamlary, olaryň hereketini häsiýetlendirýär. Ýokary gummanistik ideýalary bilen ol “Gamlet”, “Mokbet”, “Timon Afinskiý”, “Kariolon” we ş.m. tragediýalary ýazypdyr olar dürli halklaryň durmuşyna degişlidir. Baýlyk adamlarda ýgrenji artdyrar diýýär. Angliya tarapyna degişli pessalary yazdy. Genrih VI, Karol Džon, Genrih IV, Genrih V, Genrih VII, güýçlimonorhiýanyň elinde häkimýetiň jemlenişini ýazýar.
17. asyr
[düzet | çeşmäni düzet]Respublika ykrar edilenden soň, lewelerler täze düzgüni ýiti tankyt edip başladylar. Silbern 1649-njy ýýlyň ilkinji aýlarynda Angliýanyň täze zynjyrlary diýen at bilen 2 sany makala bilen çykyş edýär. Ol esasan hem parlament tankytlap, onuň köpçülige hiç hili hukuklar we azatlyklar bermändigini, köpçüligiň maddy hal ýagdaýýny gowulandyrmak barada alada etmänligini belleýärdi. Hakykatdan hem parlament 100 adamdan gowrak wekillerden ybarat bolup, onuň başynda döwlet maslahaty durýardy, onuň başynda bolsa Kromweliň baştutanlygynda Goşun durýardy. Ýurdy esasan hem birnäçe ýokary wezipeli ýuristler dolandyrýardy. Şonuň üçin hem bu döwürde köpçüligiň ýagdaýy agyrlaşyp başlapdy. Söwda-da, senetçilikde durgunlyk ösýärdi. Esasan hem oba hojalygynda ýagdaý has agyrdy. 3-ýýlyň dowamynda dyngysyz gurakçylygyň bolmagy, çöregiň gymmatlanmagyna getirdi. 1649-nji ýylyň ýazynda hakyky lewelleriň herketi Angliýada has giň gerim bilen ösýärdi. Olaryň başynda Jorj Winskerli durýardy, ol ýönekeý söwdagäriň oglydy. 1650-nji ýýlyň ýazynda diggerler hereketi basylyp ýatyrylýar. Lewelleriňki hem şonuň ýalydy. Iňlis respublikasynyň öňünde ozaly - başdan indepentdentleriň jentrileriň we buržuaziýanyň häkimiýetini pugtalandyrmak bolup durýardy. Şonuň üçin Kromwel 1649-njy ýýlyň Gorkut aýýnda öz goşuny bilen Yrlandiýany basyp almaga girişýär we ony birnäçe aýyň dowamynda basyp alýar. Irlandiýanyň basylyp alynmagynyň 2 möhüm netijesi bardy. Birisi ol basylyp alyş irland ýerlerini talamaga, ol talaňçylygyň netijesinde täze synpynyň baýlaşmaga alyp geldi. Esgerlere we serkerdebaşylara Yslandiýanyň täze eýelerine bölüp bermäge hukuk berilýärdi. Ikinjiden, Islandiýanyň toplanmagy iňlis respublikasynyň goşunyny hakyna tutulan basybalyjylara öwürdi. Şol bir wagtda roýalistleriň howpy häli doly ýok edilenokdy.
Zero berlen Karl I-ň ogly Karl II-ji Şatlandiýada ähli Angliýa howp demirgazykdan abandy. Kromwel we onuň goşuny rewolýusiýanyň gazananlaryny ýene bir gezek gaýtaryp almaga girişdi. 1650-nji ýýlyň Ruhnama aýynda ol Şatlandlaryň güýçli goşunyny derbi-dagyn etdi. Şa Karl II-ji daşary ýurda gaçdy. Kromweliň häkimiýeti we abraýy has ýokary galdy. Onuň ýeňişleri iňlis respublikasyny Ispaniýa, Germaniýa, Şwesiýa, Fransiýa ýaly döwletleriniň resmi ykrar etmekleri bilen tamamlandy. Emma respublikanyň içeri syýasy ýagdaýý häli çylşyrymlydy. Ýurt doly diýen ýaly ýykylypdy, söwda we senetçilik has aşak gaçypdy. Ekerançylyk gowşapdy. Mülkdarlar doly erkinligi alandan soň, öz baýlygyny artdyrmaga giňden girişipdirler. Işsizleriň sanynyň çakdan aşa köpelmegi respublikanyň öňünde olary eklemeklik meselesini goýdy. Türmeler öz bergisini berip bilmedik bergidarlardan dolupdy. Ýurtda kanunçylyk çärelerini geçirmek, iň esasay hem iňlis konstitusiýasyny kabul etmek zerurulygy ýüze çykypdy. Emma hereket edýän parlament ol işleriň başyna baranokdy. Parlamentiň agzalary şahsy baýlaşmak, amatly wezipeleri eýelemek ýaly işler bilen meşguldylar. Olaryň esasy maksady mümkin boldugyça öz häkimiýetine uzak möhletleýin saklamak we berkitmekden ybarat. Ýurtda höküm sürýän häkimiýetiň başarnyksyzdygy sebäpli närazylyk ösýärdi. Şeýle şertlerde Kromwel, 1653-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 20-de parlamenti dargadýar we häkimiýetiň täze edarasyny belleýär. Ol parlament ö içine 1653-nji ýýlyň Gorkut aýynyň 4-de başlaýar. Ol 139 sany baý däl şwaýrlardan, dükançylardan, söwdägärlerden we birnäçe dini wekillerden ybaratdy. Häli syýasatda bişişmek bu parlamentiň deputatlary ilkinji hepdelerde birnäçe reformalar geçirdi. Ýagny ata asyrdan galan kansleriň sudy ýatyryldy, agyr jeza bermek gadagan edildi. Buthananikasy raýat nikasy bilen çalşyryldy we ş.m. ondan başga hem täze parlament birnäçe sosial-ykdysady üýtgeşmeler hakynda kanun taýýarlap başladylar. Mysal üçin salgyt ýygnamak ulgamy düzgünleşdirildi.
Geçirilýän çäreler tiz wagtyň içinde ýokary gatlak wekillerinde närazylyk döredip başlady. Uly basyş netijesinde kiçi parlament öz-özünden dargady 1653-nji ýylyň Bitaraplyk aýynda Angliýada täze konstitusiýa kabul edildi. Şoňa laýyklykda Kromwel Angliýanyň, Şotlandiýa, Yslandiýa ömürlik lord-protektor wezipesini alýar. Şeýle hem 3 ýýlda bir gezek saýlanýan 400 adamdan ybarat parlament bilen bilelikde ýurdy dolandyrmagy kesgitleýär. Ýerine ýetiriji häkimiýet protektora we 15 adamdan ybarat hemişelik hereketi edýän Döwlet maslahatynda tabşyrylýardy. Protektoryň özi ägirt uly häkimiýeti öz elinde jemläpdi. Ýagny ol wezipeli adamlary belleýärdi. Ýaragly güýçlere baştutanlyk edýärdi. Halkara syýasatyna ýolbaşçylyk edýärdi, onuň razylygy bolmasa kanunlar üýtgelip bilinmeýärdi, salgytlar girizilmeýärdi. Hakykat ýüzünde ýurtda Kromweliň harby güýje daýanýan häkimyeti emele gelipdi. Protektoryň syýasaty özüniň ýarawlygy seresaplylygy bilen tapawutlanýardy. Angliýada bu döwürde birnäçe sosial-ykdysady çäreler amala aşyryldy. Emma parlament täze konstitusiýanyň esasaynda protektoryň häkimligini çäklendirmek synanşygyny etdi. Emma Kromwel parlamenti dargadýar we ýurdy ýeke-täk özi dolandyryp başlaýar. Ýurtda maýor-generallaryň polisiýa düzgüni girilzilýär. 1658-nji ýýlyň Ruhnama aýynyň 3-de Kromwel aradan çykýar, häkimiýet onuň ogly Rigonda geçýär, emma ol ýurdy dolandyrmagy başarmaýar. Netijede 1659-njy ýylyň ýazynda häkimiýete “Uzak parlament” gaýdyp gelýär. Angliýada 2-nji respublika emele gelýär. Ýurtda öňki hökümetiň ykdysady, syýasy, sosial we sud reformalaryny gecirmänligi sebäpli halkyň tolgunşyklary başlanýar. Emma 1659-njy ýylyň güýzünde general Lambertiň Lambert ýolbaşçylygyndaky goşun ýurtda harby düzgüni dikeldýär. Indi ýurtdaky buržuaz dworýan topary şa häkimiýetini kanuny ýagdaýda dikeltmegi maksat edýärler. 1660-njy ýylyň Gurbansoltan aýynyň 25-I konwent ýygnak açylýar we ol Karl 2-ni kanuny şa diýip yglan edýär.