[go: up one dir, main page]

Mazmuna geçiň

Targit

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Turkmen (gürleşme | goşantlar) tarapyndan döredilen 21:11, 15 mart 2018 seneli wersiýa
(tapawut) ← Ozalkysy | Häzirki wersiýany görkez (tapawut) | Indikisi → (tapawut)

Targit ýa-da Targitaos, Targitaý diýlip bilinen şahsyýet Sak-Skifleriň (içoguz) ady rowaýata öwrülen gahrymany bolan ilkinji ata-babalarydyr. Onuň kakasy Grek taňrysy Zews, ejesi bolsa Derýanyň aýaltaňrysy Borisfen bolupdyr. Grekleriň pikiriçe ol Gerakl bolupdyr. aýaly Derýa taňrysy Borisfen bolupdyr. Ondan 3 sany ogly bolupdyr. Lipoksaýs, Arpoksaýs, Koloksaýs (Lipoxais, Arpoxais, Koloxais). Skifleriň asly hakynda Geredotyň şeÿle ýazgylary bardyr: «Skifler özlerini milletleriň iň gowsy hasaplaýarlar we asly hakynda şeýle diýýärler. Bu ýurt boşdy, bu ýerde ilkinji bolan Targitaos atly bir adam doguldy. Bu Targitaosyň kakasy Zews (Zews一Nuh pygamber bolaýmasyn), ejesi-de derýa şasy Borysthenesiň gyzy eken, şeÿle diýip aýtsalar-da ynanmak juda kyn, emma maňa parhy näme, rowaýat şeýle aýdýar, onuň 3 ogly bolupdyr, Lipoksaýs (Lipoxais, Arpoxais we Koloxais. Arpoksaýs we iň körpeleri bolan Koloksaýs[Geredot, 2006: 295]. Geredotyň ýokardaky naklyndan salgylanan Gammer; Türki döwlet söweşlerinde bar bolan sag sol we merkezden ybarat bolan üçlük şaha üns berýär. Gökalp bolsa Targitaosyň üç ogly Lepoksaýn, Erpoksaýn, Koloksaýn adynda bar bolan «Oksaýn» sözüniň Oguz ýada Oguz handan başga zadyň bolup bilmejegini çak edýär.