[go: up one dir, main page]

Planetalar ýyldyzyň (şol sanda Günüň (Gün hem ýyldyzdyr)) daşynda aýlanýan ägirt uly asman jisimleridir. Biziň Gün Ulgamymyzda (Sistemamyzda) 8 sany (Merkuriý, Wenera, Ýer, Mars, Ýupiter, Saturn, Uran, Neptun) planeta bardyr. Planeta bolmak üçin şu 3 kada laýyk bolmalydyr:

  1. Günüň daşynda aýlanmaly (bu kada laýyk bolmasa bu jisime hemra diýilýär).
  2. Togalak (şar şekilli) bolmaly (bu kada laýyk bolman 1-nji kada laýyk bolsa bu jisime asteroid diýilýär)
  3. Orbitasynda (aýlanýan okunda) başga (ownuk ýa-da iri) jisimler bolmaly däl. (bu kada laýyk bolmasa 1-nji we 2-nji kada laýyk bolsa bu jisime kiçi planeta diýilýär. Biziň Ulgamymymyzda 8 sany planeta bar. Bu planetalar özara iki topara bölünýär. 1-nji dykyz planetalar, 2-nji äpet planetalar.